+++ to secure your transactions use the Bitcoin Mixer Service +++

 

Mazmuna geçiň

Dokumalar

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Çap edilip bilinýän wersiýa indi goldanylmaýar we ýalňyşlyklar bolup biler. Brauzer bellikleriňizi täzeläň we ýerine derek brauzeri çap etmek funksiýasyny ulanyň.

Umumy gurluşlary, ýerine ýetirýän işleri we gelip çykyşy boýunça birmeňzeş bolan öýjükleriň hem-de öýjügara maddalaryň bellibir toplumyna dokuma diýilýär. Olar süýüm ýa-da ýasy görnüşde, ergin halda bolýarlar. Olaryň bellibir görnüşde bolmaýanlary hem bar. Dokumalardan synalar (organlar) emele gelýärler.

Görnüşleri

Olar örtüji (epitelial), birleşdiriji, myşsa we nerw dokumalarydyr. Dokumalar bedeniň hemme synalarynda bolýar. Emma synalaryň her birinde, adatça, dokumalaryň haýsy hem bolsa bir görnüşi möhüm ähmiýete eýedir. Mysal üçin, myşsalar, esasan, myşsa dokumalaryndan durýarlar. Emma olaryň uçlarynda ak dykyz, çeýe birleşdiriji dokuma (siňir) ýerleşýär. Olaryň kömegi bilen myşsalar süňklere berk birleşýärler. Myşsa dokumalarynyň daşy dury, ýukajyk barda bilen örtülendir. Eger-de şol bardajygy aýyrsak, onda myşsanyň köp sanly dessejiklerden ybaratdygyny göreris. Dessejikleriň her biri hem barda bilen örtülendir. Olary ýene-de dessejiklere bölmek bolýar. Iň kiçijik myşsa dessejigini bölüp bölüp aýyrmak aňsat däldir. Emma ýörite gurallaryň kömegi bilen ony mikroskoplaryň aşagynda aýry-aýry ýukajyk myşsa süýümlerine bölmek bolar.